IRU bilen netijeli hyzmatdaşlyk: Awtomobil ulaglary pudagynda hünarmenleri taýýarlamak boýunça ähmiýetli ädimler ädilýär

15.08.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ýurdymyzyda ygtyýar berlen (akkreditirlenen) okuw merkezini açmak barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmek boýunça görkezme berildi. Bu okuw merkezi halkara gatnawlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşaýan sürüjileri we ulag operatorlaryny hünär taýdan halkara talaplaryna laýyk taýýarlamagy göz öňüne tutýar. Munuň özi günsaýyn ösýän milli ykdysadyýetimiziň ulag-logistika ugrunyň ösdürilmegine takyk goşant bolup, ýurdumyzyň ýüklerini awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigine şaýatlyk edýär hem-de sebitde bäsleşige ukyply milli ulag ulgamynyň gerimini giňeltmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, innowasion taslamalarynyň ykdysadyýetiň belli bir ulgamyna ugrukdyrylmagyna itergi berer. Berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde, IRU-nyň Akademiýasy tarapyndan şu günler gysga wagtlaýyn okuwlaryň görnüşleri boýunça okatjak mugallymlary taýýarlamak işine badalga berildi. Onlaýn görnüşdäki 3 gün dowam edýän ilkinji okuwlar tahograflary ulanmaga bagyşlanandyr. Okuwlar umumy 5 tapgyrda bolup, geljekde halkara gatnawlary amala aşyrýan sürüjilere degişli halkara şahadatnamasyny bermek, tahograflar bilen işleýän sürüjileri, goşlary we ýolagçy gatnatjak sürüjileri, howply ýükleri daşajak sürüjileri hünär taýdan taýýarlamaga gatnaşjak mugallymlary taýýarlamak okuwlary bilen yzygiderli dowam eder. Şol maksat bilen täze döredilen okuw merkeziniň degişli mugallymlaryny Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň maddy binýady berkden tutulan, häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda halkara gatnawlary amala aşyrýan awtoulag serişdelerini we operatorlaryny (menejer) taýýarlajak mugallymlaryň birnäçesini degişli ugurlar boýunça okadyp, bellenilen tertipde synag alnandan soň, Türkmenistanda täze döredilen okuw merkezine ştab kwartirasy Şweýsariýa döwletiniň Ženewa şäherinde ýerleşen IRU-nyň Akademiýasynyň laýyklyk sertifikaty (akkreditasiýasy) berler. Şonluk bilen bu okuw merkezi öz işini halkara talaplaryna laýyklykda, özbaşdak amala aşyryp, bellenilen tertipde synagdan geçen türkmen sürüjilerine we menejerlerine degişli halkara sertifikatlaryny we diplomlaryny gowşurmak hukugyna eýe bolar.