Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýuna önümçilik birleşigi halkymyza giň gerimli awtoulag hyzmatlaryny hödürleýär. Birleşik 2001-nji ýylyň maý aýynyň 01-ne “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Düzgünnamasy esasynda döredilip, ol “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 18-däki №12Ö belgili buýrugy we 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 24-däki №86Ö belgili buýrugy esasynda şu Agentligiň düzümine ýuridik şahs bolup girizildi.
Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýuna önümçilik birleşiginiň esasy wezipeleri:
- Awtomobil ulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat etmek we olary abatlamak;
- Fiziki we ýuridiki şahslara ätiýaçlyk şaýlaryny söwda etmek, paýlamak we satmak;
- Awtomobil ulaglaryny gaýtadan enjamlaşdyrmak;
- Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalara we raýatlara degişli awtoulaglary komission dükanlar arkaly ýerlemegi amala aşyrmak.
Birleşik tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ulgamyny kämileşdirmek we ösdürmek, hilini ýokarlandyrmak, şeýle-de hyzmatlara gyzyklanma bildirýänleriň isleglerini kanagatlandyrmak babatynda birleşigiň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar.