Üstünliklerimiz

Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, aýratyn-da sportuň dürli görnüşlerine ýaşlary çekmek döwletiň sport we ýaşlar syýasatynyň özenini düzýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň netijesinde bolsa türkmen türgenleri köp sanly sport görnüşleri boýunça başarnyklaryny, tejribesini artdyryp, ýokary üstünlikleri gazanýarlar. Awtoralli sporty boýunça Türkmenistanyň adyndan milli ýygyndy topar hökmünde çykyş edýän sürüji türgenler hem ukyp-başarnyklaryny halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda aýdyň görkezýärler.

Türkmen sürüji türgenleriniň awtoralli sporty boýunça gazanan ýeňişleriniň hatarynda bu ugurda 2019-njy ýylda geçirilen ýaryşlar örän tapawutly netijeleri mälim etdi. 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynda sportuň ralli-reýd görnüşi boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen sürüjileri üstünlik gazandylar. 

Bu halkara ýaryşyna Finlandiýa, Russiýa Federasiýasy, Litwa, Polşa, Argentina, Latwiýa, Italiýa, Oman, Fransiýa, Ukraýina, Çehiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Wengriýa ýaly dünýäniň onlarça ýurdundan türgenleriň ençemesi gatnaşdy. Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan T-2 görnüşli awtoulagda çykyş eden Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri sürüji Muhammetmyrat Gurbanow bilen şturman Şamyrat Gurbanow ikinji baýrakly orny gazandylar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işgärleri sürüji Merdan Toýlyýew bilen şturman Şöhrat Toýlyýew bolsa halkara ýaryşynyň üçünji ornuny eýelediler, şeýle-de tapgyryň kubogyna hem-de medallara mynasyp boldular.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen hem-de taryhy özgertmeleri özünde jemlän 2019-njy ýylyň nobatdaky baýraklary hem Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda sportuň ralli-reýd görnüşiniň 2-nji tapgyry bolan «Kaganyň Altyny-2019» atly dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşynda gazanyldy. Üç günläp dowam eden «Kaganyň Altyny-2019» ralli-reýd ýaryşyna Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlandiýadan hem-de Ukrainadan türgenler gatnaşdylar.

Astrahan düzlüklerinde geçen, ýolunyň umumy uzynlygy 700 kilometrden gowrak bolan ýaryşyň esasy maksady üç tapgyryň netijeleri boýunça iň tapawutlanan türgeni ýüze çykarmak boldy. Bu gezek hem 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji fewralynda Russiýada geçirilen sportuň ralli-reýd görnüşi boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly üçünji orna mynasyp bolan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň işgärleri sürüji Merdan Toýlyýew bilen şturman Şöhrat Toýlyýew çempionatda  özleriniň dolandyrýan «Nissan-Patrol» awtoulagynda ezberlik görkezip, baýrakly ikinji orny eýelediler.

Häzirki wagtda türkmenistanly awtoralli sport sürüjileri köptaraply şertler bilen üpjün edilen awtoralli sürüjilik meýdançasynda tejribelerini artdyrýarlar hem-de geljekde geçiriljek ýaryşlara giňden taýýarlyk görýärler.