Hindistan Demirgazyk deňiz ýoly we «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak işini giňeltmegi meýilleşdirýär

07.08.2024

Hindistan we Russiýa ikitaraplaýyn söwdada Çennaý — Wladiwostok ugrunyň, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň we Demirgazyk deňiz ýolunyň ulanylmagy arkaly ýük üpjünçiligiň ösmegine goşant goşar. Bu barada hindi eksport guramalarynyň federasiýasynyň baş we ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahai «TASS» agentliginiň wekillerine gürrüň berdi.

Onuň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň derejesiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm şertleriň biri hem logistika meselelerini çözmek bilen baglydyr.

— Hindi eksportçylarynyň, esasan hem, olaryň kiçileriniň Russiýa eksport etmekde haýsy ýoldan gitmelidigi barada heniz takyk hödürnama ýok — diýip, Ajaý Sahaý belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ol Çennaý — Wladiwostok ugry boýunça, şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi we Demirgazyk deňiz ýoly arkaly ýük gatnawyny artdyrmak niýetini tassyklady.