IRU: Ýewropanyň awtoulagda ýük daşaýjylarynyň çykdajylary 40% ýokarlandy

24.07.2024

Ýük daşamak boýunça operatorlar zähmet haklaryny, enjamlar we hyzmatlar üçin çykdajylary ýokarlandyrýarlar. Bu barada Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) metbugat gullugy tarapyndan neşir edilen maglumata esaslanýan «Логист.Today» habar berýär.

Soňky on ýylda ýük awtoulag pudagynda umumy aýlyk haklary (aýlyk haklary, bonuslar we goşmaça kömek pullary) takmynan 49% ýokarlandy. Munuň özi düýpli ösüş bolup, pudakda işleýänleriň sanynyň 27% ýokarlanmagy we aýlyk haklaryň gönüden-göni artmagy bilen baglanyşyklydyr.

2013-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginden awtoulagda ýük daşamak pudagynda ortaça aýlyk haklary 18% ýokarlandy. Aktiwlere (ulaglar we ş.m.) we hyzmatlara gönükdirilen çykdajylaryň ösüşi zähmet hakynyň ösüşinden az boldy (degişlilikde 37% we 49%). Orta hasap bilen, ýük awtoulag kärhanalarynyň aktiwlere, hyzmatlara we aýlyk haklaryna çykdajylary soňky on ýylda 40% ýokarlandy. Ýük daşamak operatorlary maýa goýumlaryň möçberi boýunça Belgiýada, Daniýada, Lýuksemburgda we Niderlandlarda milli derejedäki görkezijileri esasynda öňdeligi eýeleýärler.