Gazagystan ulaglary import etmek işine çäklendirmeleri girizmek isleýär

19.07.2024

Gazagystan Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň derejesinde öndürilenine ýedi ýyldan kän wagt geçen ulaglaryň Awtoulag serişdeleriniň bileleşigine goşulmagyny gadagan etmek isleýär. Bu barada Gazagystanyň Senagat ministrliginiň integrasiýa we halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Adilbek Bektibaýewiň sözlerine salgylanýan «Известия» gazeti habar berýär.

— Senagat ministrliginiň iş toparynyň agzalaryndan öndürilenine ýedi ýyldan kän wagt geçen ulaglaryň ýurda importyny çäklendirmek baradaky teklip gelip gowuşdy. Biz bu teklibi durmuşa geçirmekden hoşaldyrys. Şoňa görä-de, tehniki kadalara şeýle üýtgetmeleri girizmek üçin Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň geňeşiniň mejlisine material ýollamaga synanyşarys — diýip, Bektibaýew belledi.

Bu başlangyjyň Ýewraziýa Ykdysady komissiýasy tarapyndan goldanýandygyna ýa-da goldanmaýandygyna garamazdan, Senagat ministrligi Gazagystanyň «raýatlara peýdalanmak üçin şeýle ulaglary getirmegi gadagan etjek» ähli kadalara üýtgetmeler girizer. Ýeri gelende bellesek, ulaglar 2020-2021-nji ýyllarda Ýewraziýa Ykdysady bileleşigi ýurtlaryndan Gazagystana getirilip başlanypdy. Olary kanunlaşdyrmak üçin bir gezeklik çäräniň geçirilendigini-de ýatlamak gerek. Netijede 2023-nji ýylda 330 müňden gowrak awtoulag resmileşdirildi. Olaryň ortaça ýaşy — 17.