Täze awtobus ugry işe girizildi: 72-lik belgili gatnaw «Awtokombinat — Awtomenzil» ugry boýunça hereket eder

16.07.2024

Ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 72-nji «Awtokombinat — Awtomenzil» täze awtobus ugruny ýola goýdy. Bu awtobuslaryň «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugrap, Gündogar köçesi boýunça hereket edýändigini, şeýle hem hereketini Gurbansoltan eje şaýoly bilen Arçabil aýlaw ýoluna tarap dowam edip, Arçabil aýlaw ýoly bilen «Ak tam» bazaryna hem-de «Altyn asyr» Gündogar bazaryndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen «Halkara awtomenzile» barýandygyny ýolagçylaryň dykgatyna ýetirýäris.