Türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçýän «Ýüpek ýoly 2024» ralli-reýdine badalga berildi

06.07.2024
5-nji iýulda Tomsk oblastynda (Russiýa) türkmen ekipažlarynyň hem gatnaşmagynda geçýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi başlandy. Oňa dünýäniň 13 ýurdundan 106 ekipaž gatnaşýar. Ekipažlar 5243 kilometrlik menzili külterlemeli bolup, şonuň 1992-si ýokary tizlikde geçilýän bölekdir. Şu ýyl bu ýaryş Tomsk, Nowosibirsk, Kemerowo oblastlary, Altaý sebiti, Altaý Respublikasy hem-de Mongoliýanyň sebitleri boýunça uzar. Öňde boljak ralliniň «Ýüpek ýoly» ady bilen geçýän ýaryşlaryň möhüm bölegine öwrüljekdigini bellemelidiris. Çünki şu ýyl 2009-njy ýylda badalga alan ajaýyp taslama 15 ýyl dolýar. Şol döwrüň dowamynda ralli-reýdine gatnaşyjylar bütin Ýewraziýany diýen ýaly — Sankt-Peterburgdan Hytaýyň gadymy Sianýa sebitine çenli uzaýan çarkandakly menzilleriň tehniki synagyndan geçdiler. Ýaryşlaryň başlanmazynyň öňüsyrasynda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň Tomskdaky «Garmoniýa» sport toplumynyň çäginde ýerleşýän hyzmat parkynda ýaryşa gatnaşyjylaryň tehniki barlaglary guraldy.