Dünýäniň deňiz ýük bazarynda daşamak kuwwatynyň ýetmezçiligi 2024-nji ýylyň iýun aýynda bahalaryň günde 80-150 müň dollara çenli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu barada «Loadstar» habar berýär.
«Maersk» we «CMA CGM» kompaniýalary gämi kärendesi boýunça rekord möçberdäki tölegleri bilen taryha girdiler. Birinjisi taýwanly gatnawçydan bir konteýner gämisini günde 150 müň dollara, ikinjisi bolsa 100 müň dollara aldy. Aziýanyň we Günorta Amerikanyň arasyndaky gämileriň ýük nyrhlary hem iki ýyllyk iň ýokary derejä ýeter.
«Linerlytica» tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylyşy ýaly, 2024-nji ýylda jemi 1,62 million TEU-lyk konteýner gämisi gowşuryldy, bularyň hemmesi Gyzyl deňiz sebitindäki mesele sebäpli bazara siňdi. «Linerlytica» kompaniýasynyň seljerijileriniň pikiriçe, gämileriň 2023-nji ýylyň dekabryndan «Ýagşy umyt» diýlip atlandyrylýan kölüň töweregine ugrukdyrylmagy 1,6 million TEU-lyk harydyň barmaly nokadyna ýetirilmegini talap etdi.