«Hytaýyň demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň maý aýynda Hytaý — Ýewropa halkara demir ýol ugurlarynda daşalan ýüküň aýlyk möçberi boýunça rekord görkeziji bellige alyndy.
Soňky bir aýyň dowamynda bu ugurlarda hereket eden ýük otlylarynyň sany ýyllyk hasaplamalar bilen deňeşdirilende, 14% artdy we 1724-e ýetdi. Şeýlelikde, jemi 186 müň TEU-lyk ýük daşaldy. Munuň özi bir ýyl ozalkydan 13% artykdyr we Hytaý — Ýewropa demir ýol ugurlary arkaly daşalan ýükleriň möçberi boýunça aýlyk rekorddyr.