Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Gruziýada saparda bolýar

24.04.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 21 — 27-nji aprel aralygynda Gruziýada saparda bolýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Mejlisinde guralan tanyşdyryş ýygnagyna gatnaşdy. Oňa býujet we maliýe komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gogi Meşweliani we komitetiň hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda gruzin tarapy türkmen parlamentarilerini ýurduň ýokary kanun çykaryjy häkimiýetiniň, şeýle hem býujet we maliýe komitetiniň esasy wezipeleri hem-de meseleleri bilen içgin tanyşdyrdylar. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleri döwletara söwda-ykdysady, medeni hem ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.