Ulanylan ýük awtoulaglarynyň bazary gaýtadan aýaga galarmy?

24.04.2024

Mart aýynda Russiýada ulanylan ýük awtoulaglarynyň bazary 11% aşak düşdi we 26,9 müň awtoulag boldy. Rus markalary bu görkezijiniň 46,8% bölegini eýeläp, munuň özi 12,6 müň birlige barabardyr. Daşary ýurt markalarynyň paýy degişlilikde 53,2% ýa-da 14,3 müň awtoulag boldy. Bu barada «Awtostat» habar berdi. Birinji çärýekde ikinji derejeli ýük awtoulag bazary geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 5,3% azaldy we 68,5 müň awtoulaga çenli pese düşdi. Daşary ýurt awtoulaglarynyň we rus markalarynyň şol döwürdäki ýagdaýy mart aýyndaky ýaly, degişlilikde 46% we 53% ýa-da 36,4 müň hem-de 32,1 müň awtoulag boldy. Mart aýy boýunça ulanylan awtoulaglaryň bazarynda hytaý markalarynyň satuwy 1,5 esse artyp, 2,7 müňe ýetdi. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu bazaryň görkezijileriniň 6 %-den (1.8 müň) 10 %-e çenli artandygyny tassyklaýar. Ýewropanyň iri ýediliginde gaýtadan bellige almagyň 22% ýitgä sezewar bolandygyna (7,4 müňe çenli) garamazdan, bir ýyl mundan ozalky 31,5 %-lik görkeziji bilen deňeşdirilende, 28 %-lik paýyny saklap galdy.