Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

23.04.2024

22-nji aprelde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji mejlisi, şeýle hem Türkmen-rumyn iş toparynyň ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 4-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmamedow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda birek-birege ynam we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi. Gün tertibine laýyklykda taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi we üstaşyr ulag pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, taraplar ulag pudagynda özara kabul ederlikli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky halkara ýük we ýol ulaglarynyň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň «Hazar deňzi - Gara deňiz» halkara ulag geçelgesiniň döredilmegine aýratyn üns berýändigi we Türkmenistanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleri bilen köptaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işle, şeýle hem agzalan geçelgäniň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük ulaglary we logistika ulgamlarynyň ösüşine uly goşant goşjakdygy kanagatlanma bilen bellendi. Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisiniň ahyrynda taraplar dördünji mejlisiň teswirnamasyna, şeýle hem ýol ulaglary boýunça bilelikdäki Türkmen-rumyn komissiýasynyň 3-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler.