Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

23.05.2024

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada HHM habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag ýurduň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet we sport ulgamlarynda giňden hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de ulag we energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.