Hytaý — Ýewropa ýük otlulary 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda

23.05.2024

2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça hereket edýän ýük otlularynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanandygyny we 6184-e ýetendigini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär.

Ýanwar — aprel aýlarynda bu ýük otlulary jemi 675 müň TEU barabar bolan harydy daşady. Munuň bir ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende 11% köpdügini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasy habar berýär.

Korporasiýanyň habarynda şu ýylyň aprel aýynyň ahyryna Hytaý — Ýewropa ugry boýunça ýük otlularynynyň sany 89 müňe ýetendigi we olaryň ugurlarynyň torunyň Ýewropa ýurtlarynyň 25-siniň 223 şäherini öz içine alandygy tassyklanylýar.