Düýn — 4-nji aprelde Duşenbe şäheriniň «Istiklol» lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Bu dabara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.
Çärä ýurdumyzyň şu günler Duşenbe şäherinde bolýan Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Sowgatlary gowşurmak dabarasynyň dowamynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi.
Çärede çykyş edenler iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, iki halkyň taryhy, medeni umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijesinde häzirki günde täjik-türkmen dialogyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýadyň kemala getirilendigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen şu günki gepleşikleriň jemleri munuň aýdyň güwäsidir.
Täjik tarapynyň wekilleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza täjik çagalaryna sowgat hökmünde berlen dokma hem-de konditer önümleri, egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.