Rumyniýanyň energetika ministri, Azerbaýjan bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň utgaşdyryjysy Sebastýan-Ioan Burduža Azerbaýjany Aziýadan Ýewropa haryt daşamak boýunça Hazar we Gara deňizleriň arasyndaky möhüm «köpri» hökmünde häsiýetlendirdi. Bu barada komissiýanyň duşenbe güni Bakuwda geçirilen 8-nji ýygnagynyň netijelerinden soň «Trend» habar berdi.
«Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag geçelgesiniň ösüşi, Aziýadan Ýewropa we şu ugruň tersine haryt daşamak nukdaýnazaryndan, häzirki kyn ýagdaýlarda diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Sues kanalynda ýüze çykan mesele bilen baglylykda ony çalşyp boljak ugurlaryň orny barha artýar» — diýip, Burduža belledi.
Duşuşykda çykyş eden Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministriniň orunbasary Samir Mamedow rumyn kompaniýalarynyň Orta geçelgä (TMTM) gatnaşmagynyň geljegini belläp geçdi.