27 — 31-nji martda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Gazagystanyň “Astana” diplomatik klubunyň işewürlik forumy geçirildi.
Forumyň çäginde logistika, senagat, IT we söwda ýaly dürli pudaklarda işleýän wekilleriň arasynda B2B gepleşikleri geçirildi.
Işewürlik forumynyň dowamynda “Astana” diplomatik
klubunyň prezidenti Kaýrbolat Sahmetow ermeni ýük daşaýjylaryna “Eýran — Türkmenistan — Gazagystan” ulag geçelgelerinden has işjeň peýdalanmagy teklip
etdi.
“Eýran bilen serhetleşýändigiňiz üçin bu teklip gyzykly
bolup biler. Eýranda we Türkmenistanda dizel ýangyjy arzan. Biz Türkmenistan
bilen serhetleşýäris, Eýran bilen bolsa demir ýol baglanyşygymyz bar” — diýip, Kaýrbolat Sahmetow aýtdy.
Onuň sözlerine görä,
Ermenistan öz önümlerini Eýran hem-de türkmen ýük awtoulaglrynda ýa-da demir
ýol bilen Türkmenistanyň serhedindäki porta eltip biler we şol ýerden otly
bilen Gazagystanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň islendik nokadyna
ugradyp bolar.