Russiýa Federasiýasynda 2037-nji ýyla çenli 1,7 müňden gowrak gäminiň gurluşygy meýilleşdirilýär

30.03.2024

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gämi gurluşyk senagatynyň ösüşi boýunça strategiki sessiýa geçirendigi hem-de bu ýerde gatnaşyjylaryň ulgamyň raýatlyk ugrunyň meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklary ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

«Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy iň uly toplumlaýyn senagat gurluşy hökmünde çykyş edýär. Ol ähli önümçilik kuwwatynyň 80 %-ini özünde jemleýär. Bize ulanylýan tehnologiýalar nukdaýnazaryndan, şeýle hem amallaryň yzygiderliliginiň ýerine ýetirilişi boýunça önümçiligiň netijeli guralyşyny üpjün edýän çäreleriň sanawyny döretmek zerur» — diýip, M.Mişustin belledi.

Premýer-ministr çäklendirmeler sebäpli pudagyň iň çynlakaý kynçylyklara duçar bolandygyny aýtdy. Rus harytlaryny daşamaga gatnaşan ähli daşary ýurt gämileri Russiýanyň ulag hyzmatlarynyň bazaryny terk etdi, bu bolsa içerki flotuň möhletinden öň täzelenmegini we giňelmegini şertlendirdi.

Kärhanalaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklar kesildi. Günbatar hyzmatdaşlar ähli şertnamalaryny ýatyryp, rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmekden ýüz öwürdiler. Şeýlelikde, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly komponentleriň we önümleriň toplumynyň ösüşini we döredilmegini dowam etdirmek gaty möhümdir.

«Prezident gämi gurluşygy pudagynda başarnyklarymyzy has işjeň ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Gämi tehnikalarynyň möhüm ornuna we iň möhüm önümçilik ugruna tehnologiki özygtyýarlylygy gazanmak gerek» — diýip, M.Mişustin sözüniň üstüni ýetirdi. «Ähli kynçylyklara garamazdan, pudagyň dinamiki işini dowam etdirmek möhümdir. Kärhanalar hökümetiň berýän goldaw çärelerinden, ýöriteleşdirilen we ulgamlaýyn, şol sanda Senagatyň ösüşi gaznasynyň üsti bilen ýeňillikli maksatnamalardan peýdalanýar».

«Geçen ýyl dürli maksatly tehnikalaryň 100-den gowragy guruldy. Bu sanawda Primorskiý sebitindäki «Звезда» toplumynda iki sany «Aframax» gämisi bar. Sahalin bilen yklymyň arasyndaky ugur üçin «Александр Деев» awtomobil-demir ýol paromy Amur boýundaky Komsomolsk gämi abatlaýyş kärhanasynda guruldy. «Арктик СПГ 2» taslamasynyň birinji tapgyry üçin suwuklandyrylan tebigy gaz saklaýan deňiz platformasy Murmansk sebitinde öndürildi. Şeýle hem balyk tutmak üçin niýetlenen gämiler ýurduň dürli sebitlerindäki zawodlarda guruldy».

Indi öndürijileriň sargyt portfeli ösýär. Olaryň sany häzirki wagtda 300 deňiz we derýa gämisinden geçýär. Şeýlelikde, uzak möhletleýin meýilnama 2037-nji ýyla çenli raýatlar üçin 1,7 müňden gowrak gäminiň gurluşygyny göz öňünde tutýar.