Pakistan Türkmenistan bilen üstaşyr söwda şertnamasyny baglaşmaga taýýarlanýar

27.03.2024

«Business Recorder» (Pakistan) tarapyndan berlen habarda Pakistanyň Söwda ministrligine Türkmenistan bilen üstaşyr söwda şertnamasyna gol çekişmegi çaltlandyrmak boýunça maslahatyň berlendigi aýdylýar.

Bu barada pudagara mejlisde pikir alyşyldy. Pakistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň sekretary bu resminamany gyssagly amala aşyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi we iki hepdäniň dowamynda täzelenen taslamany hödürlemegi teklip etdi.

Habarda bellenilişine görä, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistana beren teklibiniň — üstaşyr (tranzit) ulag şertnamasynyň jogabyna garaşylýar.

Mundan başga-da, Pakistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýurduň Deňiz işleri ministrligine Gwadar porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy boýunça hasabat taýýarlamak tabşyryldy.

«Daryo»-nyň berýän maglumatlaryna görä, ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda gaz geçirijisinden başga-da, Owganystanyň üsti bilen elektrik geçiriji we optiki kabel ulgamynyň sebitleýin infrastruktura taslamalary öňe sürülýär.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Owganystanyň Kandagar welaýaty arkaly Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberilip başlandy. Bu Günorta Aziýa ýurdy ýangyç ýetmezçiligini başdan geçirýär we özüniň ozal Eýrandan gelýän üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek isleýär.