Ýaponiýanyň iň uly ulag korporasiýalarynyň üçlüginiň — «NYK», «MOL» we «K-line» kompaniýalarynyň konteýner amallary boýunça mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly döredilen tarapyň konteýner flotunyň kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli 3 million TEU barabar bolan görkezijä ýetirmek üçin 25 milliard dollar harçlanjakdygynyň «Shipping Watch» tarapyndan habar berlendigini «ТАСС» mälim edýär.
Ýanwarda «One» Hytaýyň iki gämi abatlaýyş kärhanasyna 13 müň TEU kuwwatly 12 goşa ýangyçly konteýner gämisini gurmak baradaky buýurma bilen ýüz tutdy. «ONE» şertnama bildirişinde sargyt edilen gämileriň ilkinji metanol gämisi boljakdygyny we toparyň ýaşyl strategiýasynyň bir bölegi hökmünde geljekki ekologiki flotuň özenini düzjekdigini aýtdy.
On iki gämi häzirki wagtda takmynan 1.8 million TEU möçberdäki ýüki daşamak kuwwatyna eýe bolan flota 150,000 TEU-dan gowrak täze sygym mümkinçiligini goşýar. Kuwwatlylygy 780 müň TEU bolan 92 gämi operatora degişlidir.
«ONE» kompaniýasy soňky ýyllarda deňiz flotuny işjeň ýagdaýda giňeldýär we 2023-nji ýylyň ortalaryndaky 7-nji orny bilen deňeşdirilende, az-kem öňegidişlik gazanyldy. Ol «Alphaliner's top100» reýtinginde 6-njy basgançaga geçdi. Geçen ýyl ýük daşaýjy flot kuwwatyny takmynan 200 müň TEU artdyrdy.
Muňa garamazdan, 3 million TEU barabar bolan görkezijä ýetmek üçin ýene 1,2 million TEU bar. Häzirki wagtda operatoryň umumy sargyt portfelinde takmynan 530 müň TEU kuwwaty bolan 42 gämi bar.