«Delo» kompaniýalar topary Hindistana we BAE ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyny synagdan geçirer

25.03.2024

«Delo» kompaniýalar topary Moskwadan Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) ýokary tehnologiýaly ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyna geçmek boýunça synaglary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň maglumat tehnologiýalary boýunça direktorynyň orunbasary Kirill Zaharowyň «TransRussia-2024» forumynyň barşynda eden çykyşyna esaslanýan «ТАСС» habar berýär. Synag taslamasynyň şu ýylyň 1-nji aprelinde başlanjak Milli sanly ulag-logistika platformasynyň kömegi bilen durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

«Geçirmegi meýilleşdirýän synagymyzyň çaginde (elektron resminama dolanşygyny girizmek boýunça) öz aktiwlerimiziň (intermodal ekspeditor, demir ýol operatory we stiwidorlar) üsti bilen ýokary tehnologiýaly ýükleri Moskwa sebitinden Hindistana, Birleşen Arap Emirliklerine daşap başlarys» — diýip, Kirill Zaharow belledi.