Aşgabatda belarus şahyry Ýanka Kupalanyň ýadygärligi gurlar

23.03.2024

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulýew Türkmenistanyň paýtagtynda Belarusuň meşhur nusgawy şahyry Ýanka Kupalanyň ýadygärligini gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Ol bu habary žurnalistlere Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersitetine sapary wagtynda aýtdy.

Ol çykyşynda: «Bu ýyl beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny belleýäris we şu ýylyň ýanwar —dekabr aýlarynda dürli çäreler geçirilýär. Maý aýynda Aşgabatda köp ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň ýygnagy bolar, oktýabr aýynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň gelmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik uly ýadygärligi we seýilgäh açylar. Bu seýilgähde daşary ýurtlaryň 25 wekiline, şol sanda belarus şahyry Ýanka Kupalanyň ýadygärligine orun berler» diýdi.

Bu ädim Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryny berkitmek we möhüm taryhy seneleri, şahsyýetleri ýatlamak islegini görkezýär. Ýanka Kupalanyň ýadygärliginiň gurulmagy Türkmenistan bilen Belarusuň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin ýene bir ädim bolar.