2030-njy ýyla çenli ýarym wagonlarda konteýner daşamagyň möçberi bir gije-gündiziň dowamynda 25 — 35 otla çenli artdyrylar. Muny «Фининвест» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Kahidze «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bu ugurdaky rekord görkeziji bir gije-gündiziň dowamynda 11 otlynyň hereketinden ybaratdyr.
– Hut şu maksat bilen hem, biz Nowosibirskidäki ýük daşamak toplumlarynyň infrastrukturasyny taýýarlaýarys we Kemerowoda şeýle taslamalaryň birini durmuşa geçirip başladyk. Biz ýarym wagonlaryň ýollanylmagynyň Günbatar-Sibir demir ýolunda jemlenmelidigine ynanýarys – diýip, spiker belledi.
Iň möhüm taslama «Артем» gümrük-logistika merkeziniň konteýner terminalydyr. Onuň umumy meýdany 500 gektara barabardyr. Merkeziň bir gezeklik saklaýyş kuwwaty 100 müň TEU bolar. Ilkinji konteýner otlusy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli gelmeli.
Ulag ministrliginiň habaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň 18 esaslandyryjy guramasynda ulag-logistika merkezleriniň ulgamy döredilýär. Taslama hususy maýa goýumlary arkaly amala aşyrylyp, maliýeleşdirmegiň umumy mukdary 140 milliard rubldan gowrakdyr.