Russiýanyň demir ýollary ýokary tizlikli magistralda hereket etjek otlynyň dizaýnyny tanyşdyrdy. Adaty ýokary tizlikli otlylar bilen deňeşdirilende, täze otly has ýiti we tertibe salnan öňki bölegi — iň kämil tehnologiýalara mahsus bolan «örtügi» bilen tapawutlanýar.
Şeýle ýokary tizlikli otlylaryň Moskwa — Sankt-Peterburg ýokary tizlikli ugry boýunça ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.
Russiýanyň demir ýollarynyň ýolbaşçysy Oleg Belozerowyň ozal belläp geçişi ýaly, munuň özi 8 wagonly otly bolup, iň ýokary tizligi 400 kilometr sagada ýeter. Ol ýolagçylary gatnatmak üçin 360 kilometr/sagat tizlik bilen hereket eder. Otlynyň wagonlarynyň sanyny 16-a çenli artdyryp bolýandygyny bolsa «ТАСС» habar berýär.
Şu günki gün ýokary tizlikli magistralda hereket edýän otlulary öndürmek üçin niýetlenen täze önümçilik binalarynyň ikisiniň gurluşygyna başlamak üçin taýýarlyk tapgyrlarynyň ählisi tamamlandy. Otlyny ýygnamak 2026-njy ýylda başlanar.