Geçen ýyl dünýäde pikap awtoulaglarynyň satuwy 3,9% artyp, 6,2 million ulaga ýetdi. Bu barada Focus2move neşiriniň hasabatynda aýdylýar.
Ford F-Series 40 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäde üýtgewsiz iň meşhur pikap bolmagynda galýar: 2023-nji ýylda onuň satuwy 13,4 göterim artyp, 901 müň birlige ýetdi. Munuň netijesinde, Ford-yň pikaplary dünýä bazarynyň 14,5 göterimini eýelemegi başardy.
Ikinji orunda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6,6% has köp satyn alnyp başlanan Chevrolet Silverado bar – satylan awtoulaglaryň sany 640 müňe ýetdi. Ondan soň Toyota Hilux pikapy gelýär. Onuň satuwy, tersine, 7,7% peselip, 571 müň nusga çenli azaldy.
Dördünji orunda 520 müň ulag (-4,6%) görkezijisi bolan Ram Pickup ýerleşdi. GMC Sierra we Ford Ranger, degişlilikde, 368 müň (+21.3%) we 299 müň (+2,4%) satuw bilen bäşinji we altynjy orunlary eýelediler.
Ýedinji ýerde 258 müň nusgada satylan (-0.2%) Toyota Tacoma, sekizinji orunda 252 müň (-5.0%) görkeziji bilen Isuzu D-Max ýerleşdi. Reýtingiň soňky orunlarynda satylan 139 müň sany awtoulag (+19,6%) bilen Toyota Tundra we 128 müň (+8,0%) görkeziji bilen Fiat Strada gelýär.