15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän ulgamlarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, mejlise gatnaşylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.