Fransiýanyň köçelerinde peýda bolan ak-gara ýol belgisi ýük ulaglarynyň hereketini gadagan edýär

06.05.2024

Fransiýanyň köçelerinde täjirçilik ýük ulaglarynyň hereketini gadagan edýän täze ýol belgisi peýda boldy. Bu barada «routiers.com» portalynyň maglumatlaryna esaslanýan «Логист.Today» habar berýär. 

Gök reňkiň üstündäki (käwagt gara) ak romby özünde jemleýän ýol belgisi bilelikde peýdalanmak üçin ýörite bellenen (adatça çep tarapdaky) zolagy görkezýär:

– jemgyýetçilik ulaglary;

– taksiler;

– sürüjini goşmak bilen azyndan iki adamy alyp barýan jemgyýetçilik ulaglary

– «diýseň az möçberdäki zyňyndyly» ulaglar («Crit'Air» stikeri bilen hereket edýän nol zyňyndyly ulag serişdeleri).

Bu belginiň goýlan zolaklarynda agyr ýük awtoulaglarynyň we beýleki täjirçilik ulaglarynyň hereketi gadagan edilýär. Düzgün bozanlara bolsa 135 ýewro jerime bellenýär.

Neşirde şuňa meňzeş ýol belgileriniň Lill, Lion, Grenobl, Strasburg, Renne we Nante şäherleriniň awtoulag ýollarynda hem goýlandygyny belleýär.

«Логист.Today» 2022-nji ýylyň ahyrynda Mýunhen bilen Ingolştadtyň arasyndaky A9 nemes awtomagistrlynda hem sürüjiler ýa-da pyýadalar üçin niýetlenmedik täze ýol belgileriniň peýda bolandygyny ýatladýar.