Halkara ekspeditorlar birleşiginiň (UND) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Şerafettin Aras Söwda ministrliginiň howandarlygynda «Albayrak Medya» tarapyndan guralan «Türkiýäniň asyry» eksport sammitine gatnaşdy.
Söwda ministri Ömer Bolat, ministriň orunbasary Wolkan Agar, TİM-iň ýolbaşçysy Mustafa Gülle, TOBB-niň başlygy Rıfat Hisarçyklyogly we DEİK-iň prezidenti Nail Olpagyň gatnaşmagynda Stambul Kongres merkezinde geçirilen sammitde Şerafettin Aras halkara ulag pudagyndaky möhüm meseleler we çözgüt teklipleri barada giňişleýin çykyş etdi.
Şerafettin Aras ýurduň eksport maksatlaryna ýetmek üçin ulag ulgamyna strategiki pudak hökmünde garalmalydygyna ünsi çekdi we bu pudakdaky meseleleriň çözülmeginiň eksport ugurly maksatlara has çalt ýetirjekdigini aýtdy.
Sammitde döwletiň we hususy pudagyň wekillerine, esasan hem söwda ministri, jenap Bolada häzirki meseleler we olaryň çözgütleri hakyndaky teklipler hödürlendi, galyberse-de, sürüjilik wizalary, resminama mümkinçilikleriniň päsgelçilikleri, serhet geçelgelerindäki gijä galmalar, gümrük amallary hem-de beýleki bökdençlikler habar berildi.