1-nji maýda «Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy «Farap» barlag nokadyndan Türkmenistanyň çägine geçip, Aşgabat şäherine tarap ugrady.
Şu gün — 2-nji maýda bolsa otly türkmen paýtagtynyň çägine geldi.
Bu otly 7 ýurduň — ABŞ-nyň, Hytaýyň, Kanadanyň, Russiýanyň, Singapuryň, Beýik Britaniýanyň we Wengriýanyň 97 syýahatçysy üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gyzykly syýahaty amala aşyrýar.
Myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýädygärliklerine hem-de seýilgählerine baryp görerler we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanşarlar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolsa syýahatçylara «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny, artistleriň ussatlygyny hem-de türkmen bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik dörediler.
Şeýle-de, olara Aşgabat agşamlaryndaky ajaýyp gezelenç garaşýar.
Myhmanlaryň Türkmenistandaky syýahatçylyk geografiýasy giň bolar. Olar syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülen «Garagumuň ýalkymyna» baryp görerler.
Şondan soň bolsa «Altyn bürgüt» Daşoguz şäheriniň üsti bilen Özbegistanyň çägine geçer.