Hytaý ilkinji elektrik konteýner gämisini suwa goýberdi

02.08.2023

Hytaýyň «COSCO Shipping Heavy Industry» gämi abatlaýyş kärhanasy 700 sany TEU (Standart konteýnerleriň birlikleri) daşamaga ukyply iki sany elektrik konteýner gämisiniň ilkinjisini suwa goýberdi. Bu barada «Maritime Executive» neşiri ýazýar.

Täze gämiler Ýanszy derýasynda ulanylar. Elektrik konteýner gämisiniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Gäminiň elektrik üpjünçiligi ulgamynyň hem-de beýleki synaglaryny sentýabryň ahyrynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Gäminiň umumy ölçegleri barada nygtap geçsek, onuň uzynlygy 120 metre, ini 23,6 metre deňdir. Onuň suwa batyş agramy takmynan 10 tonna barabar bolup, gäminiň suwa batyş derejesi 5,5 metr töweregidir.

Täze konteýner gämisiniň aýratynlyklaryndan biri-de ol doly kuwwatly akkumlýator bilen, takmynan, 1 müň kilometr ýol geçip bilýär. Habara görä, bu gämiler iň güýçli çalşylýan akkumlýatorlar bilen üpjün ediler. Olar ýörite energiýa konteýnerlerinde ýerleşdirilýär. Akkumlýatorlara kenarýaka stansiýalarynda zarýad berip bolýar.

Gämide energiýa konteýnerleriň 36-sy ýerleşip, olaryň her biriniň göwrümi 20 futluk ýük konteýneriň göwrümine deňdir. Energiýa konteýnerleriň kuwwaty 50 müň kWt.

Konteýner gämileri Ýanszy derýasynyň ugry boýunça Şanhaý şäherinden Wuhana ýük daşar. Olar «COSCO — Shanghai Pan Asia Shipping» kompaniýasy tarapyndan ulanylar.

Ýeri gelende, döwrebap elektrik energiýasy bilen işleýän gäminiň ikinjisiniň gurluşygyna maý aýynda başlanandygyny bellemelidiris.