Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
09.03.2025

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler. Göwünlerimizi joşdurýan, kalbymyzy galkyndyrýan ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine uly hormat goýulýandygynyň, eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir.
Hormatly eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandy bardyr. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Biz gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris.
Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar, gender deňligi kanun esasynda üpjün edilýär. Bu işleriň ählisi zenanlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyryp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly zenanlar!
Biz mähriban enelerimiziň we zenanlarymyzyň ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, nesilden-nesle geçip, sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda bitirýän hyzmatlaryna çäksiz buýsanýarys. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary bolan türkmen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.
Giň gerimli özgertmelerimizi, milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünliklerini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlaryny nazara alyp, biz öňdebaryjy zenanlarymyzy «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýarys. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň tutuş halkymyzyň, mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň kalbyny joşguna besläp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy mundan beýläk-de artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Sizi ene ýeri, bütin tebigaty janlandyrýan bahar paslynda giňden bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.