Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň halkara maslahatyny kabul eder
08.03.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ilkinji gezek Moskwanyň M.W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly XXXII Halkara ylmy maslahatynyň iki mejlisiniň geçiriljek ýeri bolar.
Maslahat 2025-nji ýylyň 11-25-nji aprelinde «Lomonosow-2025» halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde geçiriler. Forum Türkmenistandan başga-da Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda guralar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Pedagogiki bilim we häzirki zaman bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» diýen mejlisler geçiriler. Ýaş alymlar, aspirantlar, magistrantlar we talyplar foruma gatnaşmaklyga hasaba alynmak hem-de çykyşlarynyň tezislerini ibermek üçin 2025-nji ýylyň 14-nji martyna çenli «Lomonosow» ylym we bilim portalynyň üsti bilen ugradyp bilerler. Maslahatyň iş dilleri hökmünde rus hem-de iňlis dilleri diýlip kabul edildi.
Geljekki dilçiler we institutyň ýaş alymlary lingwistik pedagogikanyň we terjime işiniň esaslarynyň häzirki meseleleri boýunça ylmy çykyşlaryny hödürlemäge işjeň taýýarlyk görýärler. Ylmy gözlegleriň tezisleri halkara indeksirlenen elektron ýygyndysynda çap ediler we iň oňat ylmy işleriň awtorlaryna diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.
Bu çäre Türkmenistanyň ylym we bilim pudagyny ösdürmek we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek strategiýasynyň bir bölegidir.