«Euronews» Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlik taýýarlady
08.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap berdi. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň millionlarça teletomaşaçylaryny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki dürli ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen köp dillerde dessine tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik topary ýakynda Türkmenistanda saparda boldy.
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika, ählumumy we sebit derejeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada türkmen döwletiniň garaýyşlaryny beýan etdi.
Türkmen telewideniýesinde teswirlenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, onuň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.
«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşligini 8-nji martda BMG-niň resmi dünýä dillerinde ýaýlyma berilýän «Türkmenistan» teleýaýlymynda dolulygyna diňläp bolar.