Arkadag şäherine çenli uzaýan ýoly «Ahalteke atlary» şaýoly diýip atlandyrmak teklip edilýär
07.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy ir bilen Arkadag şäherine tarap barýan ýoluň ugrundaky köp zolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurduň atşynaslarynyň täze şähere çenli uzaýan bu ýoly «Ahalteke atlary» şaýoly diýip atlandyrmak barada Gahryman Arkadaga aýdan haýyşlaryny beýan etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanjakdygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.