Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak işleri dowam etdiriler
06.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisde ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça garalýan döwürde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hasabatda ýurduň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada-da aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň ýurtda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady.
Döwlet Baştutany Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriň netijeleri, ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.