Şu ýyl maýa goýumlaryň haýsy taslamalara gönükdiriljekdigi aýdyldy

25.01.2025
Habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow "Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde mälim edildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde "Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy" taýýarlanyldy. Şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, "Şatlyk-1" gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna we Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany "Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.