Mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
25.01.2025
Mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berdi.
M.Bäşimowa 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuksemburgda ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary gatnaşyklar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň 19-njy duşuşygynyň geçirilendigini ýatlatdy. Onuň netijelerine görä, 20-nji duşuşygy şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, M.Bäşimowa 7-8-nji aprelde Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň zenan liderleriniň gepleşikleriniň geçiriljekdigini aýtdy. Bu çärede zenanlaryň telekeçilik, ykdysadyýet, bilim, lukmançylyk we syýasata gatnaşmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
«Pursatdan peýdalanyp, Ýewropa ýurtlarynda işleýän kärdeşlerimizi bu gepleşiklere gatnaşmaga çagyrmak isleýärin» diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary belledi.