Gurbanguly Berdimuhamedow Emmanuel Makrona hat iberdi

23.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona hat ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iberen hatynyň başynda Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine ýüzlenip: «Size şu hat bilen ýüzlenmek we Sizi hem-de Fransiýa Respublikasynyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden mübäreklemek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de hatynda 19-20-nji ýanwarda knýaz maşgalasynyň çagyrmagy boýunça Monako Knýazlygynda saparda bolandygyny, Nissanyň howa menzilinde Fransiýanyň häkimiýetleriniň ýokary hormat bilen garşylandygyny, bu ýurduň sebitleriniň ýokary derejeli wekilleriniň türkmen wekiliýetini mähirli garşylap, hormat goýýandyklaryny we üns berýändiklerini görkezendiklerini ýazmak bilen: «Men muňa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň we berk hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde baha berýärin» diýip belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri fransuz topragynda görkezilen myhmansöýerlik we berlen üns üçin minnetdarlygyny beýan edip, geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda «One Water Summit» atly sammitiň çäklerinde Er-Riýadda bolan duşuşygy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny hatynda belledi. — Türkmenistanyň Siziň ýurduňyz bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz giňeltmäge we berkitmäge, bu gatnaşyklara täze depgin we many-mazmun bermäge çalyşýandygyny we taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Iki ýurduň özara gatnaşyklaryndaky bar bolan düşünişmegiň we ynanyşmagyň Türkmenistana we Fransiýa ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri alyp barmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona ýollan hatynda ýazdy.