Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň duşuşygy boldy
22.01.2025
19-20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako sapary boldy. Saparynyň barşynda, 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar.
20-nji ýanwar güni türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň “Hormat garawuly” otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Şazada Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda, Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.