Yragyň elektrik stansiýalarynyň zerurlyklarynyň ýarysy türkmen gazy arkaly üpjün ediler

02.01.2025
Yragyň habarlar gullugy (INA) ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, Türkmenistan bilen baglanyşylan gaz üpjünçiligi boýunça täze şertnamanyň esasynda Yragyň elektrik stansiýalarynyň ýangyja bolan zerurlyklarynyň 50 göteriminiň türkmen gazy arkaly üpjün ediljekdigini habar berdi. «Ministrlik Türkmenistan bilen gaz üpjünçiligi meselesinde şertnama baglaşdy we Yragyň Söwda Banky (TBI) bilen akkreditiwleriň açylmagy we türkmen tarapyna pul geçirilmegi ýaly maliýe amallaryny tamamlamak üçin degişli işleri alyp barýar» diýip, Yragyň Energetika ministrliginiň metbugat sekretary Ahmed Musa mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistandan import eksport edilýän gaz Yragyň elektrik stansiýalarynyň zerurlygynyň, takmynan, 50 göterimini üpjün eder. Ýeri gelende bellesek, Yrak her ýylyň tomus aýlarynda elektrik energiýasynyň öndürilmegine täsir edýän gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu meseläni çözmek üçin ýurduň Hökümeti Türkmenistandan tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýär. Importyň günlük mukdarynyň 20 million kub metre deň bolmagyna garaşylýar. Eýranyň üsti bilen gaz çalşygy barada Türkmenistan bilen baglaşylan degişli şertnama bu babatda möhüm ädimdir.