Honda, Nissan we Mitsubishi holding döretmek boýunça meýilnamasyny resmi taýdan yglan etdiler

27.12.2024
Honda we Nissan awtoulag kompaniýalary özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekmek bilen, birleşmäge tarap möhüm ädim ätdiler. Geljekki holdinge Mitsubishi hem goşulyp biler, ol ýanwar aýynyň ahyryna çenli oňa goşulyşmak barada çözgüt kabul etmeli – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Awtoulag senagatyndaky görlüp-eşidilmedik üýtgeşmelere uýgunlaşmak zerurlygy kompaniýalaryň birleşmesini döretmeginiň esasy sebäbi hökmünde görkezilýär. Honda kompaniýasynyň ýolbaşçysy Toşihiro Mibe şeýle özgertmeleriň ýüz ýylda bir gezek bolýandygyny bellemek bilen, pursadyň taryhy ähmiýetini nygtady. Nissan we Honda kompaniýalarynyň mümkin bolan birleşmegi baradaky maglumat ilkinji gezek dekabrda içerki çeşmelerden gelip çykypdy. Olaryň maglumatlaryna görä, birleşme ýapon öndürijilere çykdajylaryny optimizirlemäge we hytaý awtoulag öndürijileri bilen bäsdeşlikde öz orunlaryny pugtalandyrmaga kömek eder. Holdingiň geljekki gurluşynyň anyk jikme-jiklikleri heniz aýan edilmeýär.