Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministrini we Merkezi bankynyň başlygyny kabul etdi

09.12.2024

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji dekabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana sapar bilen gelen energetika ministri Abbas Ali Abadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammadreza Farzini kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, ösüş özgertmeleri ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanlaryň şu gezekki saparynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygy, bu gatnaşyklaryň, däp bolşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmenistan we Eýran syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalyk, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu işleriň ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.