Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi we olaryň jemleri jemlenildi.
Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatda Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri we wezipe borçlary, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly degişli resminama gol çekdi.
11 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.