Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi

28.09.2024
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär. Aşgabatda, Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş geçirildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Soňra Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş geçirildi . Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralan bu baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezildi.