Onuň 0,35 kub metr göwrümli öňki kowşy ýarym tonna ýüki götermäge mümkinçilik berýär. Onuň yzky kowşunyň göwrümi bolsa 0,06 kub metre deň bolup, gazyjylygy 2,75 metrdir, iş7 alyp barýan beýikligi hem 3,47 metre deňdir. Kowşuň girijilik kuwwaty 1985 kgs bolup durýar. Hidromek ýükleýji ekskawatoryň kabinasy gorag ulgamy bilen üpjün edilen. Ol işi netijeli, amatly hem-de ýokary oňaýlylyk bilen ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Ýükleýji ekskawatoryň hereketi we nowasynyň aýratynlyklary ýörite joýstigiň (dolandyryjy enjam) üstli bilen alnyp barylýar.