Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Derýa gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 11-nji sentýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminamada gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.