Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplum gurlar

08.09.2024
6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabatda “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada aýdyldy. Döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän toplumy daşky inžener ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurduň oba hojalyk önüm öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, önümleriň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge hem-de ýurtda öndürilýän mineral dökünleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.