Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy administratiw kömekçiniň wezipesine boş iş ýerini hödürleýär

06.09.2024

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy administratiw kömekçiniň wezipesine işe çagyrýandygyny mälim etdi. Bu wezipede işlemek üçin 6 aýa çenli gysga möhletli şertnama teklip edilýär.

Üns beriň: şu iş mümkinçiligine gyzyklanma bildirýän dalaşgärler üçin arza bermegiň iň soňky möhleti 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabry, duşenbe güni, sagat 14:00 çenlidir.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar we arza bermegiň tertibi barada has giňişleýin maglumatlary almak üçin Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyna ýüzlenip bilersiňiz.