Türkmenistanda bugdaý ekişine girişildi

05.09.2024

4-nji sentýabrda Türkmenistanda bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, il sylagly ýaşulular "Bismilla" edip, ýere tohum sepdiler we bugdaý ekişine başlap berdiler. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ilki bilen, ýurduň welaýatlarynyň häkimliklerinde ylmy-önümçilik maslahatlary geçirildi. Olara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň, degişli edara-kärhanalaryň başlyklary, jogapkär işgärleri, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýurduň Ahal welaýaty boýunça geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda bugdaý ekişini geçirip, şondan 400 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şunda bugdaýyň, esasan, sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» «Kalym», «Batko», «Bagrat», «Sähraýy», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly görnüşleri ekiler.

Balkan welaýatynda möwsümiň dowamynda kuwwatly traktorlaryň 125-si we ekiji enjamlaryň 117-si bökdençsiz işlediler. Welaýatyň ýer eýeleri 50 müň gektar meýdana bugdaýyň «Alekseiç» hem-de «Bezostaýa --- 100» ýaly görnüşlerini ekip, ondan 80 müň tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.

Şu ýylyň güýzünde Daşoguz welaýaty boýunça 145 müň gektar meýdana bugdaý ekmek göz öňünde tutulýar. Welaýatda bugdaý ekişine girişilmegine bagyşlanan dabaralar Türkmen oba hojalyk institutynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem guraldy. Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berildi. Bu ýerde milli gymmatlyklaryň, häzirki döwürde ýurduň oba hojalyk, senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergisi hem guraldy.

Lebap welaýatynda bugdaý ekişine Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde badalga berildi. Şu oba hojalyk ýylynda welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaý ekip, ondan 310 müň tonna galla almak maksat edinilýär. Sebitde bugdaýyň «Аlekseiç» görnüşi 93 müň 206 gektara, «Bezostaýa --- 100» görnüşi bolsa 31 müň 10 gektara ekiler.

Mary welaýatynyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýere bugdaý ekmegi meýilleşdirýärler. Welaýatda bugdaý ekişine Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda girişildi.